Turkmenportal logo
Şu gün 09:33
23562356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ylmy jemgyýetçiligi hem-de halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden we dabaraly bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, ylym ýurduň beýik geljegidir. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiň innowasiýalar we ösüşler ýoly bilen bedew batly öňe gitmegini kepillendirýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek bilen birlikde, dünýäniň ylmy giňişliginde tutýan ornuny berkitmek hem biziň esasy maksadymyzdyr. Biz döwletimiziň ylym ulgamynyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa, Amerika döwletleriniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar, gaznalar we assosiasiýalar bilen ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagy biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmasynyň barha artýandygyna hem-de halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär» diýip belleýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda ylmy jemgyýetçiligi Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýramyň şanyna «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, dünýäniň umumy ösüşine hem-de bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen ylmy-döredijilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.