2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysy Çehiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Dünýä çempionaty ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirilýär.
Ýeňiji toparyň düzüminde Hwan In Bom 67-nji minutda, O Hýon Gýu bolsa 80-nji minutda gol geçirdi. Çehiýanyň düzüminde ýeke-täk pökgini 59-njy minutda Ladislaw Kreýçi tora girizdi.
Çehiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Miroslaw Koubek dünýä çempionatynda toparyny oýna çykaran iň ýaşuly tälimçi hökmünde taryha girdi. Duşuşygyň geçirilen gününde onuň ýaşy 74 ýyl 9 aýdy. Şeýlelikde, ol Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk eden belgiýaly Hugo Brosyň rekordyny täzeledi. Bros Meksika bilen geçirilen oýun gününde 74 ýyl 2 aý ýaşyndady. Bu dünýä çempionatynda täze rekordyň eýesi hökmünde Kýurasaonyň ýygyndysynyň baş tälimçisi, niderlandly Dik Adwokat çykyş etmegine garaşylýar. Ol sentýabr aýynda 79 ýaşyny doldurar.
Çehiýanyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary A toparçada Meksikanyň hem-de Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýärler. Bu toparyň beýleki duşuşygynda Meksika Günorta Afrika Respublikasyny 2:0 hasabynda ýeňdi.
Ikinji tapgyrda koreýaly futbolçylar 19-njy iýuna geçilen gije Meksikanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Çehler bolsa 18-nji iýunda Günorta Afrika Respublikasynyň topary bilen güýç synanyşarlar.
Dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 toparyň gatnaşmagynda geçirilýär. Ýaryşyň final duşuşygy 19-njy iýulda bolar.