Gazagystanda ömrüň dowamlylygy iň ýokary taryhy derejä ýetdi: 76 ýaşa golaýlady. Häkimiýetler muny saglygy goraýşyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de lukmançylyk kömeginiň elýeterliliginiň giňeldilmegi bilen baglaýarlar diýip, «MIR 24» habar berýär.
«Döwletiň hasabyna hyzmatlaryň giň toplumy maliýeleşdirilýär, ol maslahat berişden we keseli anyklaýyşdan başlap, ýokary tehnologiýaly operasion bejergini öz içine alýar. Onkologiýa keselliler mugt bejerilýär. Anyklaýyş hyzmatlary 300 müňden gowrak adam üçin elýeterli» diýip, Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň lukmançylyk kömegini guramak edarasynyň direktory Gülnar Sarsenbaýewa gürrüň berýär.
Soňky ýedi ýylda Gazagystanda 1250 sany saglygy goraýyş maksatly bina guruldy.