Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky fiziki şahslar üçin sarp ediş karzlaryna ýüz tutmalary kabul edip başlady.
Sarp ediş karzlary girew ýa-da zamun durmaklyk esasynda nagt hem-de nagt däl görnüşde berilýär. Karzyň iň ýokary möçberi 5 ýyla çenli möhlet bilen 100 müň manada ýa-da 4 ýyla çenli möhlet bilen 60 müň manada çenli bolup biler.
Ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karz maksatnamasy göz öňünde tutulandyr. Oňa laýyklykda, ýyllyk 1 göterim möçberindäki göterim bilen 3 ýyla çenli möhletde 20 müň manada çenli karz alyp bolýar.
Karzy resmileşdirmek üçin bankyň baş edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutmaly. Karz almak üçin ýüz tutmalar bankyň resmi internet sahypasy — www.dayhanbank.gov.tm arkaly onlaýn görnüşde hem kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Aşgabat şäheri: 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85;
Ahal welaýaty: (8-00-137) 3-34-39;
Balkan welaýaty: (8-00-246) 5-21-51;
Daşoguz welaýaty: (8-00-322) 9-35-07;
Lebap welaýaty: (8-00-422) 9-13-48;
Mary welaýaty: (8-00-522) 6-76-40.