Turkmenportal logo
Şu gün 14:19
21832183
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň şäherinde gaharjaň aýy sebäpli 100-e golaý mekdep ýapyldy
Surat: mir24.tv

Ýaponiýanyň Usunomiýa şäherinde agressiw aýy sebäpli 100-e golaý mekdep ýapyldy. Ýyrtyjy gür ilatly şähere aralaşdy hem-de eýýäm birnäçe gün bäri ýerli ýaşaýjylar üçin howp döredýär, ony köçelerde, ýaşaýyş mähellelerinde we senagat zolagynda görýärler diýip, «MIR 24» habar berýär.

6-njy iýunda göwresi bir metr töweregi ýyrtyjyny şäher seýilgähiniň ýanynda gördüler, 7-nji iýunda ol şäheriň merkezindäki gözegçilik kameralaryna hüjüm etdi, ýaş ýigitleriň öňüni kesip ylgap geçdi; 8-nji iýunda şäheriň golaýyndaky senagat zolagynda peýda boldy.

Ýaşaýjylaryň goramak üçin şäheriň häkimligi gyssagly çäreleri gördi: dessine 94 sany başlangyç we orta mekdepler ýapyldy, ýaşaýjylara gapylarydyr penjireleri ýapmak, ýyrtyja golaý barmazlyk, howp dörän pursady dessine ýakyndaky binada gizlenmek maslahat berildi. Häzir ses gataldyjyly ulaglarda şäherde gözegçilik hem-de wagyz-nesihat işi alnyp barylýar.

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda aýylar bilen 50 müňden gowrak duşuşyk hasaba alyndy.

Usunomiýa paýtagt Tokiodan bary-ýogy 100 kilometrlikde ýerleşýär. Ýabany haýwanlar öň ilatly ýerlere golaý gelmeýärdiler.