Turkmenportal logo
Şu gün 13:13
33673367
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gruziýanyň özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary T.Ioseliani bilen duşuşdy. 9-njy iýunda bolan duşuşyga «Gruzin demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory L.Abaşidze gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şol sanda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýumlaryny çekmegiň hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek, ugurdaş edaralaryň hem-de işewür wekilleriň arasynda göni aragatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi.