Turkmenportal logo
Şu gün 13:05
31303130
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mingazow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda kime janköýerlik etjekdigini aýtdy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Gonkongyň «Kitçi» klubunyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow şu tomus ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda haýsy toparlara janköýerlik etjekdigi barada Turkmenportal neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.

«Dünýä çempionatynda, ilkinji nobatda, Özbegistanyň we Çehiýanyň milli ýygyndylaryny goldaryn. Özbegistan biziň doganlyk goňşy döwletimiz, biz olaryň bu üstünligine diýseň begenýäris. Çehiýa bolsa uzak ýyllap çykyş eden ýurdum, ol ýerde köp futbolçylary tanaýaryn»  — diýip, futbolçy aýtdy.

Mingazow ýaryşda garaşylmadyk netijeleri görkezmäge ukyply toparlaryň hatarynda Marokkonyň, Müsüriň, Norwegiýanyň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylaryny aýratyn belläp geçdi.

Çempionatyň esasy dalaşgärleri barada gürrüň edende, futbolçy kubok ugrunda göreşjek üç ýygyndyny görkezdi. «Meniň pikirimçe, Braziliýanyň, Portugaliýanyň we Fransiýanyň milli ýygyndylary dünýä çempiony bolmaga iň esasy dalaşgärlerdir» — diýip, ol aýtdy.

Mingazow aýratynlykda Neýmaryň futbol ýoluna hem ünsi çekip, braziliýaly hüjümçiniň janköýerleriň ynamyny ödär diýip umyt edýändigini aýtdy. Şeýle hem ol döwrümiziň iň beýik futbolçylarynyň ikisi hasaplanýan Ronaldunyň we Messiniň geljegi barada pikir alyşdy. Futbolçy Ronaldunyň dünýä çempionlygyny gazanyp-gazanmajakdygy baradaky soragyň heniz hem örän gyzykly bolmagynda galýandygyny belledi.

2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşa 48 milli ýygyndy gatnaşyp, olar 12 toparça bölüner.

Özbegistanyň milli ýygyndysy K toparçasynda Portugaliýa, Kolumbiýa we Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndylary bilen bile çykyş eder. Çehiýanyň milli ýygyndysy bolsa A toparçasyna düşüp, Meksika, Günorta Afrika Respublikasy we Günorta Koreýa bilen güýç synanyşar.