«Stellantis» awtokonserni tutuş dünýäden 1,3 milliondan gowrak Jeep kysymly ýolsuz ýerde gezýän we pikap awtoulaglaryny ýanmak howpy sebäpli yzyna çagyrýar. Bu barada «Reuters» habarlar agentligine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
Bu täzelik 2021-2025-nji ýyllarda öndürilen «Jeep Wrangler» we «Jeep Gladiator» kysymlaryna degişlidir. Kompaniýa muny desse (rul) dolandyrylyşynyň elektrogidrawliki güýçlendiriji nasosynyň simindäki tok birikmäniň näsazlygy bilen düşündirdi. Näsazlyk öz gezeginde ýanýan serişdeleriň gyzmagyna, netijede, awtoulagyň ýanmagyna getirip biler. «Stellantis» konserni eýýäm şeýle ýagdaýyň netijesinde bir sürüjiniň şikes alandygyny habar berdi.
Konserniň maglumatlaryna görä, ABŞ-dan 1,08 million, Kanadadan 106 müň, Meksikadan 23 müň hem-de dünýäniň beýleki bazarlaryndan 125 müň sany Jeep awtoulaglary yzyna çagyrylýar.