Hytaý duşenbe güni Ýanszy derýasynda gämiler üçin şlýuzy öz içine alýan suw ýolunyň gurluşygy boýunça ägirt uly taslama başlady. Ol dünýäde şeýle gurluşyklaryň arasynda iň ulusy bolar diýip, «Sinhua» agentligine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Taslamanyň wajyplygy dünýäde iň uzyn derýalaryň üçünjisi we Hytaýda iň uly bolan Ýanszy derýasy boýunça gämiçilige islegiň artmagy bilen baglydyr.
HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan Içan şäherinde «Sansýa» («Üç jülge») diýlip at berlen täze suw ýolunyň gurluşygyna ak pata berdi.
Bahasy 77,2 milliard ýuan (11,3 milliard dollar) bolan taslamanyň gurluşygy amala aşyrylandan soňra, suw ýolunyň ýük geçirijiligi üç esse artyp, 336 million tonna deň bolar.