Bişkek şäherinde 9-10-njy iýun günlerinde GDA-a agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIX forumy geçirilýär.
Forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Gyrgyz milli filarmoniýasynyň sahnasynda GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestri çykyş etdi.

Däp bolşy ýaly, bu medeni taslama Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor Resul Gylyjow hem gatnaşýar.
Ol kärdeşleri — Russiýadan Ýewgeniý Naumenko we Gyrgyzystandan Urmat Temtimyşew bilen bilelikde GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestri bilen çykyş etdi.

Şu ýyl orkestre Russiýanyň halk artisti, «Arkalaşygyň ýyldyzy» baýragynyň eýesi Sergeý Skripka ýolbaşçylyk edýär.
Orkestriň düzümine Arkalaşygyň ýurtlaryndan bolan ýaş sazandalar, abraýly saz sungaty bäsleşiginiň ýeňijileri girýärler. Bu orkestriň döredilmegi GDA-a agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň iň uly we ähmiýetli taslamalarynyň biridir.