Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary garaşsyz, bitarap we diňe halkara hukugyndan ugur alýan ýolbaşçy bolmalydyr. Bu barada iň iri halkara guramasynyň baş sekretary wezipesine dalaşgär, Çiliniň öňki Prezidenti Mişel Baçelet Russiýanyň DIM-niň başlygy Sergeý Lawrow bilen duşuşykda aýtdy diýip, TASS ýazýar.
«Men dünýä garaşsyz, tarapgöýsüz we diňe BMG-niň Düzgünnamasyndan hem-de halkara hukugyndan ugur alýan baş sekretar gerek diýip hasaplaýaryn» diýip, Baçelet nygtady. «Biz onda dessine Siziň üçin ses berýäris» diýip, Lawrow degişdi.
Baçelet 74 ýaşynda, ol 2006-2010 we 2014-2018-nji ýyllarda Çiliniň döwlet baştutany, şeýle hem 2018-2022-nji ýyllarda BMG-niň adam hukuklary boýunça Baş komissary boldy.