Turkmenportal logo
Şu gün 08:41
66906690
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DÇ-2026: toparlar, oýunlaryň tertibi, esasy dalaşgärler we Türkmenistanda oýunlara nireden tomaşa etmeli

Dört ýylyň iň möhüm futbol çäresi — futbol boýunça dünýä çempionatynyň 23-nji ýaryşy 11-nji iýunda badalga alýar. Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ýaryşyň formatyna, oňa gatnaşjak ýygyndylara we Demirgazyk Amerikanyň meýdançalarynda çempionlyk ugrunda göreşjek esasy dalaşgärlere syn edýäris. DÇ-2026-nyň ähli oýunlaryna Türkmenistanda «Матч ТВ» teleýaýlymynda, şeýle hem striming platformalarynda tomaşa edip bolar.

Dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek ýaryşa birbada 48 milli ýygyndy gatnaşar. Bu bolsa ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda tas 40 günüň dowamynda 100-den gowrak duşuşygyň geçiriljekdigini aňladýar.

Oýunlaryň geçiriljek şäherleri:

ABŞ: Nýu-Ýork (Ist-Raterford etraby), Atlanta, Boston, Dallas, Hýuston, Kanzas-Siti, Los-Anjeles, Maýami, Filadelfiýa, Sietl, San-Fransisko.

Kanada: Toronto, Wankuwer.

Meksika: Mehiko, Gwadalahara, Monterreý.

12 toparçanyň düzümine girýän milli ýygyndylar:

  • A toparçasy: Meksika, Günorta Afrika Respublikasy, Günorta Koreýa, Çehiýa.

  • B toparçasy: Kanada, Bosniýa we Gersegowina, Katar, Şweýsariýa.

  • C toparçasy: Braziliýa, Marokko, Gaiti, Şotlandiýa.

  • D toparçasy: ABŞ, Paragwaý, Awstraliýa, Türkiýe.

  • E toparçasy: Germaniýa, Kýurasao, Kot-d’Iwuar, Ekwador.

  • F toparçasy: Niderlandlar, Ýaponiýa, Şwesiýa, Tunis.

  • G toparçasy: Belgiýa, Müsür, Eýran, Täze Zelandiýa.

  • H toparçasy: Ispaniýa, Kabo-Werde, Saud Arabystany, Urugwaý.

  • I toparçasy: Fransiýa, Senegal, Yrak, Norwegiýa.

  • J toparçasy: Argentina, Alžir, Awstriýa, Iordaniýa.

  • K toparçasy: Portugaliýa, Kongo Demokratik Respublikasy, Özbegistan, Kolumbiýa.

  • L toparçasy: Angliýa, Horwatiýa, Gana, Panama.

Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça her topardan iň gowy iki ýygyndy göni 1/16 finala çykar. Üçünji orunlary eýelän ýygyndylaryň arasynda iň gowy sekiz topar hem pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Şeýlelikde, 48 gatnaşyjynyň 32-si ýaryşy dowam etdirer, galan 16 topar bolsa göreşi bes eder.

Toparçalaýyn tapgyrynyň ähli oýunlary

11-nji iýun. DÇ-2026-nyň açylyş oýny
23:55* / Meksika – Günorta Afrika Respublikasy (GAR)
*Bu ýerde we mundan beýläk oýunlaryň wagty Aşgabat wagty boýunça görkezilýär.

12-nji iýun
07:00 / Günorta Koreýa – Çehiýa
23:55 / Kanada – Bosniýa we Gersegowina

13-nji iýun
06:00 / ABŞ – Paragwaý
23:55 / Katar – Şweýsariýa

14-nji iýun
03:00 / Braziliýa – Marokko
06:00 / Gaiti – Şotlandiýa
09:00 / Awstraliýa – Türkiýe
22:00 / Germaniýa – Kýurasao

15-nji iýun
01:00 / Niderlandlar – Ýaponiýa
04:00 / Kot-d’Iwuar – Ekwador
07:00 / Şwesiýa – Tunis
21:00 / Ispaniýa – Kabo-Werde
23:55 / Belgiýa – Müsür

16-njy iýun
03:00 / Saud Arabystany – Urugwaý
06:00 / Eýran – Täze Zelandiýa
23:55 / Fransiýa – Senegal

17-nji iýun
03:00 / Yrak – Norwegiýa
06:00 / Argentina – Alžir
09:00 / Awstriýa – Iordaniýa
22:00 / Portugaliýa – Kongo Demokratik Respublikasy

18-nji iýun
01:00 / Angliýa – Horwatiýa
03:00 / Gana – Panama
07:00 / Özbegistan – Kolumbiýa
21:00 / Çehiýa – Günorta Afrika Respublikasy
23:55 / Şweýsariýa – Bosniýa we Gersegowina

19-njy iýun
03:00 / Kanada – Katar
06:00 / Meksika – Günorta Koreýa
23:55 / ABŞ – Awstraliýa

20-nji iýun
03:00 / Şotlandiýa – Marokko
06:00 / Braziliýa – Gaiti
09:00 / Türkiýe – Paragwaý
22:00 / Niderlandlar – Şwesiýa

21-nji iýun
01:00 / Germaniýa – Kot-d’Iwuar
05:00 / Ekwador – Kýurasao
09:00 / Tunis – Ýaponiýa
21:00 / Ispaniýa – Saud Arabystany
23:55 / Belgiýa – Eýran

22-nji iýun
03:00 / Urugwaý – Kabo-Werde
06:00 / Täze Zelandiýa – Müsür
22:00 / Argentina – Awstriýa

23-nji iýun
02:00 / Fransiýa – Yrak
05:00 / Norwegiýa – Senegal
08:00 / Iordaniýa – Alžir
22:00 / Portugaliýa – Özbegistan

24-nji iýun
01:00 / Angliýa – Gana
04:00 / Panama – Horwatiýa
07:00 / Kolumbiýa – Kongo Demokratik Respublikasy
23:55 / Şweýsariýa – Kanada
23:55 / Bosniýa we Gersegowina – Katar

25-nji iýun
03:00 / Şotlandiýa – Braziliýa
03:00 / Marokko – Gaiti
06:00 / Çehiýa – Meksika
06:00 / Günorta Afrika Respublikasy – Günorta Koreýa

26-njy iýun
01:00 / Kýurasao – Kot-d’Iwuar
01:00 / Ekwador – Germaniýa
04:00 / Ýaponiýa – Şwesiýa
04:00 / Tunis – Niderlandlar
07:00 / Türkiýe – ABŞ
07:00 / Paragwaý – Awstraliýa
23:55 / Norwegiýa – Fransiýa
23:55 / Senegal – Yrak

27-nji iýun
05:00 / Kabo-Werde – Saud Arabystany
05:00 / Urugwaý – Ispaniýa
08:00 / Müsür – Eýran
08:00 / Täze Zelandiýa – Belgiýa

28-nji iýun
02:00 / Panama – Angliýa
02:00 / Horwatiýa – Gana
04:30 / Kolumbiýa – Portugaliýa
04:30 / Kongo Demokratik Respublikasy – Özbegistan
07:00 / Alžir – Awstriýa
07:00 / Iordaniýa – Argentina

Pleý-off oýunlary haçan geçiriler?

1/16 final duşuşyklary 28-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda geçiriler. 1/8 final oýunlary 4–7-nji iýulda, çärýek final duşuşyklary bolsa 9–11-nji iýulda bolar. Ýarym final oýunlary 14–15-nji iýul günlerine meýilleşdirildi.

Üçünji orun üçin oýun 18-nji iýulda geçiriler. Final duşuşygy bolsa 19-njy iýulda Nýu-Ýorkuň etegindäki Ist-Raterforddaky «MetLaýf» stadionynda bolar.

Esasy dalaşgärler

«Opta» seljerme beriji platformanyň hasaplamalaryna görä, dünýä çempiony bolmaga iň ýokary mümkinçiligi Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeleýär — bu görkeziji 16,1 göterime deňdir. Ikinji ýerde Fransiýa (13%), üçünji ýerde bolsa Angliýa (11,2%) ýerleşýär.

Häzirki dünýä çempiony Lionel Messiniň ýolbaşçylygyndaky Argentinanyň milli ýygyndysy sanawda dördünji orny eýeleýär. Superkompýuteriň çaklamasyna görä, argentinalylaryň çempionlygyny gorap saklamak ähtimallygy 10,4 göterime deň.

Portugaliýanyň ýygyndysy hem aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Kriştiano Ronaldunyň çykyş edýän topary 7 göterim görkeziji bilen ilkinji bäşligi jemleýär.

Türkmenistan nirede?

Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyryna çykmagy başarmady. Milli ýygyndymyz Aziýa sebitindäki saýlama ýaryşlaryň ikinji tapgyrynda çykyşyny tamamlap, indiki tapgyra çykmak hukugyny Eýranyň we Özbegistanyň milli ýygyndylaryna bermeli boldy.