Turkmenportal logo
Düýn 20:20
75797579
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Türkmenistana Ebolany anyklamak üçin test ulgamlaryny berdi

Rospotrebnadzor Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ebola gyzdyrmasynyň PTÝ-anyklamasy (PCR diagnostikasy) üçin test ulgamlarynyň toplumyny berdi. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Tabşyrylan anyklaýyş serişdeleri Rospotrebnadzoryň Epidemiologiýa merkeziniň merkezi ylmy-barlag institutynyň iň täze işläp taýýarlamasydyr. Olar birnäçe Afrika ýurtlarynda häzirki wagtda ýüze çykan hassalygyň sebäbi bolan Bundibujio (Bundibugyo) wirusyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Testleriň ygtybarlylygy, mundan ozal epidemiýa garşy göreşmekde ýardam bermek üçin Rospotrebnadzoryň hünärmenler toparynyň iberilen ýeri bolan Ugandada, hakyky şertlerde tassyklanyldy. Şeýle test ulgamlarynyň Kongo Respublikasyna hem tabşyrylandygy habarda bellenilip geçilýär.

Edaranyň nygtamagyna görä, Türkmenistana tabşyrylan testler keseli döredijini gyssagly we takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär, bu bolsa epidemiýa garşy çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi hem-de infeksiýanyň Ýewraziýa sebitiniň çäklerine ýaýramagynyň öňüni almak üçin örän möhümdir.