Turkmenportal 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan ýörite bölümi öz okyjylaryna hödürleýär.
Bu bölümde ýaryş bilen baglanyşykly ähli möhüm maglumatlar jemlenendir: türgenleşik düşelgelerinden iň täze habarlar, futbolçylar we tälimçiler bilen geçirilen söhbetdeşlikler, şeýle hem onda hünärmenleriň seljermeleri berler. Mundan başga-da, Aşgabat wagtyna laýyklaşdyrylan 104 duşuşygyň doly senenamasy, 48 milli ýygyndynyň ýaryş tertibi hem-de iň köp pökgi geçiren we netijeli pas beren futbolçylaryň statistikasy elýeterli bolar.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda geçiriler. Bu ýaryş taryhy waka öwrüler, sebäbi ilkinji gezek dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyryna 48 milli ýygyndy gatnaşar.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň açylyş duşuşygy 11-nji iýunda Mehikonyň «Asteka» stadionynda geçiriler.