Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Täjigistanyň ÝUNESKO-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niyatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa hem gatnaşdy. Duşuşykda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň çäklerinde özara goldaw mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hem-de wagyz etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň degişli mehanizmleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda ÝUNESKO-nyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.