Turkmenportal logo
Düýn 10:54
77287728
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Deňiz kirpisine meňzeş 20 aýakly robot bilen tanyşdyryldy
Surat: mir24.tv

ABŞ-daky Dýukuň uniwersitetiniň alymlary täze robot bilen tanyşdyrdylar. «Argus» diýlip at berlen enjamyň gurluşy deňiz kirpisine meňzeýär. Özem onuň her biri kamera bilen enjamlaşdyrylan ýigrimi sany teleskopiki aýagy bar diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.

Synaglar «Argus»-yň tokaýlyk meýdanlarda we çägelikde ýeňil hereket edýändigini görkezdi. Hatda ýykylandan soňra hem enjam tiz aýaga galýar, ugruny çalt üýtgedýär, diwardan dyrmaşmaga-da ukyply.

Enjam işlenip düzülende, dinamiki izotropiýa diýlip at berlen täze matematiki taslamalaşdyrmak ýörelgesine esaslandylar.  Bu usul robotyň öz agram merkezini ähli ugurlarda deňagramlylykda üýtgetmäge ukyplylygyny kesgitleýär.