Patyşalyk poçtasy Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysyna žurnaly 19 ýyl gijä galyp eltdi diýip, Bi-bi-si habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
Ýurduň Çester şäheriniň ýaşaýjysy, fantastiki romanlaryň awtory bolan ýazyjy Pol Edwards öz poçta gutusynda «Mother&Baby» žurnalyny tapdy, onuň ýanynda döredilen oňaýsyzlyk üçin ötünç soralýan hat hem bardy.
Edwards bu çaga terbiýesi baradaky neşiri 2007-nji ýylda sargyt edipdi, şol wagt gyzy 1,5 ýaşyndady, ol aýaly bilen ikinji perzende – oglunyň dünýä inerine garaşýardy. Häzir onuň çagalary 18 we 19 ýaşynda, özlerem uniwersitetde okaýar.
Edwards özüni gijä galan žurnaldan ötri, onuň ýanyndaky ötünç hatynyň haýran galdyrandygyny gürrüň berip, «Aslynda meniň çagalarym bireýýäm ýetişip, öýden gitdiler» diýdi.