Turkmenportal logo
Düýn 10:36
57625762
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Filippinlerde ýer sarsyp, bir adam pida boldy
Surat: interfax.ru

Filippinleriň günortasyndaky 7,8 bal ýertitremede azyndan bir adam gurban boldy, dört adam şikes aldy. Bu barada «ABS-CBN News» teleýaýlymy habar berdi. Ýerasty sarsgynlar General-Santos şäherinde birnäçe binalary ýykdy.  Ýerli halkara howa menzili işini togtatdy.

«Köp bina zeper ýetdi, heniz olaryň sany barada anyk bir zat aýdyp biljek däl, ýöne biz halas ediş işlerini alyp barýarys» diýip, polisiýanyň wekili teleýaýlyma habar berdi.

Ýurduň Prezidenti Ferdinand Markos adanyň ýaşaýjylaryna ýertitremeden soňra deňiz harasatynyň döremek howpy sebäpli beýik ýerlere göçmegi maslahat berdi, degişli edaralara bu tebigy hadysa bilen bagly ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.