Turkmenportal logo
Düýn 22:42
60256025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy tabşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurduň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişilip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek zerur çäreler görülýär. Daşoguz, Balkan welaýatlarynda bolsa galla oragyna girişmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda  agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem ýurtda şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.