Turkmenportal logo
08.06.26
64636463
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň Nippon gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň oba hojalyk ýokary okuw mekdebine kitaplar sowgat edildi

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroşi Sasaki paýtagtymyzdaky S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine bardy.

Saparyň dowamynda uniwersitete Ýaponiýanyň The Nippon Foundation gaznasynyň «Read Japan» taslamasynyň çäklerinde kitaplar sowgat berildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sowgat edilen neşirleriň hatarynda ýapon ylmyna, daşky gurşawy goramaga, durnukly ösüş maksatlaryna, arassa energiýa hem-de «ýaşyl» tehnologiýalara bagyşlanan okuw, ylmy-nazary we çeper edebiýatlar bar.

Mundan başga-da, täze neşirleriň arasynda sözlükler, şeýle hem ýapon medeniýeti, sungaty, dili we edebiýaty barada kitaplar hem orun alýar.

Ýaponiýanyň Nippon gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň oba hojalyk ýokary okuw mekdebine kitaplar sowgat edildi | Turkmenportal.com