Turkmenportal logo
Şu gün 12:33
22932293
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy
Surat: report.az

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen Azerbaýjanyň Medeniýetiniň günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy. Bu barada «Report» habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, dabara Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Myrat Guseýnow, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow, Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň direktory, professor Kerim Tahyrow, şeýle-de iki ýurduň medeniýet we jemgyýetçilik işgärleri, edebiýatçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Gutlag sözi bilen çykyş eden Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow döredilen bu burçuň doganlyk ýurtlaryň edebi gatnaşyklary üçin möhüm gural boljakdygyny belledi.

Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Myrat Guseýnow bolsa öz gezeginde şeýle başlangyçlaryň medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda amaly ädim bolup durýandygyny nygtady.

Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň direktory, professor Kerim Tahyrow žurnalistlere beren gürrüňinde şu wagta çenli dünýäniň 19 ýurdunyň paýtagtynda azerbaýjan edebiýatynyň burçlarynyň döredilendigini habar berdi. Professor bu ugurdaky başlangyçlaryň geljekde hem dürli ýurtlarda dowam etdiriljekdigini nygtady.

Kerim Tahyrow «Azerbaýjan edebiýatynyň burçuny» döretmek üçin 100-e golaý kitabyň getirilendigini aýtdy.

«Mundan ozal hem türkmen tarapyna dürli neşirler gowşurylypdy. Bu kitaplar kitaphana sergi üçin däl-de, hemişelik ulanylmagy üçin sowgat berilýär we olar şu ýerde galar. Her ýyl bu gazna täze neşirler bilen doldurylyp durlar» diýip, K.Tahyrow sözüniň üstüni ýetirdi.

Çykyşlardan soňra Azerbaýjanyň edebiýatyny, taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän neşirler görkezildi.

Soňra türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň hem-de XVIII asyryň azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Penah Wagyfyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler bu söz ussatlarynyň ikisiniň hem türki dünýäsiniň umumy ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde möhüm orun eýeländiklerini bellediler.