Turkmenportal logo
Şu gün 10:17
950950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bişkekde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIX forumy geçer
Surat: khovar.tj/rus

9-10-njy iýunda Gyrgyzystanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIX forumy geçer. Oňa Arkalaşygyň 200 töweregi wekili gatnaşar diýip, Täjigistanyň «Howar.tj» döwlet agentligi habar berdi.

Forum Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde her ýyl geçirilýän iri gumanitar wakalaryň biridir. Onda ýylyň dowamynda bitirilen işleriň jemleri jemlenýär, geljekde turizm, sport, ylym, bilim, medeniýet, habarlar, ýaşlar ýaly ugurlarda bilelikde geçiriljek işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu forum 2006-njy ýyldan bäri her ýyl bir agza döwletde geçirilýär. Gyrgyzystan ony üçünji gezek kabul edýär.