Turkmenportal logo
Şu gün 10:13
884884
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Afrikadan Ýewropa gaz geçiriji gurlup başlandy
Surat: gazeta.ru

Afrikanyň ýurtlary – Nigeriýa, Niger we Alžir Sahara çölüniň içinden geçýän uly gaz geçirijiniň gurluşygyna resmi badalga berdiler, onuň uzynlygy 4128 kilometre deň bolar. Bu barada «Business Insider Africa» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Taslama Ýewropa her ýyl 30 milliard kubmetre çenli tebigy gaz eltmäge niýetlenendir. Ol Nigeriýanyň günortasyndaky Warri şäherinden başlanyp, Nigeriň tutuş çägini kesip geçer hem-de Alžiriň esasy gaz haby boljak Hassi-Messaudede tamamlanar. Ýangyç ol ýerden ortaýer eksport geçirijiler arkaly öň bar bolan turbageçirijileriň üsti bilen ýewropaly sarp edijilere eltiler.

Gazgeçirijiniň gurluşygyna üç ýurduň pudak ýolbaşçylary ak pata berdiler. Nigeriýanyň nebit gorlary boýunça ministri Ekperikpe Ekpo dabarada çykyşynda taslama «taryhy» diýip baha berdi.

Täze ugruň Nigeriýa üçin Ýewropa tebigy gazy eksport etmekde goşmaça mümkinçilik döretjekdigi, Nigeriň geçirijilik ornuny berkitjekdigi hem-de Alžire Ýewropa bazaryna mawy ýangyç eltmekde esasy ýurtlaryň biri hökmünde ornuny berkitmäge mümkinçilik berjekdigi habarda bellenýär.