Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +22 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +30 gradus maýyldan +37... +39 gradus aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.