Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda işleýän hünärmenler sebitiň tebigy mümkinçiliklerine esaslanyp, uzak ömrüň hem-de ýaşaýşyň hilini saklamagyň biologik mehanizmlerini öwrenýärler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, biotehnologiki barlaglaryň esasy obýektleriniň biri Orta Aziýa pyşdyly (Testudo horsfieldii) boldy. Biologiýada bu görnüş onlarça ýyllap bedeniniň biologik funksiýalaryny saklap bilýändigi sebäpli «ähmiýetsiz garrama» modeliniň nusgasy hökmünde kabul edilýär.
Genetiki seljermeler Garagumyň şertlerinde ewolýusiýa taýdan kämilleşen bu organizmiň ýokary ýaşaýyş ukybynyň DNK-nyň dikeldiş mehanizmleriniň çylşyrymlylygy we öýjükleriň durnuklylygyny üpjün edýän sirtuin beloklarynyň netijeli işi bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Oksidleşdiriji stresden gorag algoritmlerine düşünmek türkmen lukmançylygy we biotehnologiýasy üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Bu ugurdaky gözlegleriň ösdürilmeginde «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy eser möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Bu eser ýurduň tebigy baýlyklary barada ulgamlaşdyrylan giňişleýin maglumatlar binýadyny özünde jemleýär. Pyşdyllaryň uzak ýaşamak hadysasyny öwrenmek alymlara halk lukmançylygynda asyrlarboýy ulanylyp gelnen ösümlik serişdelerine täzeçe nazar bilen seretmäge mümkinçilik berdi.
Barlaglaryň netijesinde sebitiň ösümlik dünýäsinde köp duş gelýän biologik işjeň birleşmeleriň — flawonoidleriň, saponinleriň we glikozidleriň uzak ömri goldaýan tebigy sazlaýjylar hökmünde çykyş edip bilýändigi tassyklandy. Bu maddalar pyşdyllaryň ajaýyp ýaşaýyş ukybyny üpjün edýän şol bir signal ýollaryna, ýagny sirtuinleriň işjeňleşmegine we p53 bilen baglanyşykly prosesleriň durnuklylygynyň saklanmagyna täsir edýär.