Turkmenportal logo
Düýn 21:42
22472247
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin zerur bolan şertleri döretmek, Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda öz üstüne alan gender deňligini üpjün etmek baradaky borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we gender deňligini iş ýüzünde durmuşa geçirmek mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.