Turkmenportal logo
06.06.26
572572
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ganada şol bir obany iki gezek deňiz ýuwutdy
Surat: bbc.com

Gananyň kenarýakasyndaky Fuweme diýen balykçylaryň obasyny deňiz basdy. Birinji gezekden soňra obalylar birnäçe ýüz metr aňyrrak göçdüler, emma suw olaryň yzyndan ýene ýetdi diýip, ýerli portallaryň birine salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.

Ikinji gezekde obadaky ybadathana, keramatly ýerler we gonamçylyk suwuň astynda galdy diýip, obanyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler. Olar indi özlerini bu ýerde öweý duýýarlar. Ýer eýesi olara boýradan we palma ýapraklaryndan täze öýleri gurmaga rugsat berdi.

Ýeri gelende aýtsak, Gana deňziň derejesiniň ýokarlanmagyna gowşak taýýarlanandyr. Tolkunlaryň öňüne böwetler käbir kenarýakalarda 10-15 ýyl mundan gurlupdyr. Emma muňa garamazdan, adamlar ýaşaýan ýerlerini elden giderýärler, deňzi gitdigiçe gury ýeri holtumyna alýar. Kenarýakanyň topragynyň eroziýasyndan eýýäm bäş million golaý adam, ýagny ilatyň çärýek bölegi ejir çekýär. Şonuň üçin hünärmenler Ganada mango jeňňelliklerini dikeltmegi, gorag tokaýlaryny döretmegi teklip edýärler, bu çäreler uzak geljekde kömek edip biler diýip, olar aýdýarlar.