Turkmenportal logo
06.06.26
61816181
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistan täze baş tälimçisiniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşykda Hindistany ýeňdi

Täjigistanyň futbol ýygyndysy Tursunzade şäherindäki «TALKO-Arena» stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Hindistanyň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Bu oýun Demirgazyk Makedoniýadan bolan hünärmen Igor Angelowskiýniň Täjigistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde ilkinji duşuşygy boldy — diýip, Eurasia Football neşiri habar berýär.

Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan meýdança eýeleri oýny öz eline aldylar. Oýnuň 9-njy minutynda Ehsan Panjeşanbä garşy edilen düzgün bozma üçin bellenen penaltini Şeriddin Boboýew üstünlikli ýerine ýetirip, hasaby açdy.

Arakesmeden soň hem Täjigistan hüjümde agdyklyk etmegini dowam etdirdi. 62-nji minutda Mehrubon Karimow toparynyň ikinji goluny geçirdi. Alty minutdan soň bolsa Ehsan Panjeşanbe özüniň ikinji goluny geçirip, hasaby 3:0-a çykardy. Hindistanyň ýygyndysy diňe hasap tapawudyny azaltmagy başardy. Oýnuň 89-njy minutynda Faruh Çoudhari jerime urgusyndan takyk peýdalanyp, myhmanlaryň ýeke-täk goluny geçirdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Igor Angelowskiý Hindistan bilen geçiriljek ýoldaşlyk oýunlarynyň esasy maksatlaryny beýan edipdi. «Biz futbolçylaryň mümkin boldugyça ýokary derejede yhlasyny, tertip-düzgünini we oýunlarynyň hilini görmek isleýäris» — diýip, tälimçi nygtady we janköýerleriň goldawyna bil baglaýandygyny belledi.

Täjigistan bilen Hindistanyň arasynda ikinji ýoldaşlyk duşuşygy 9-njy iýunda Gissar şäheriniň Merkezi stadionynda geçiriler.

Hindistan bilen geçirilýän ýoldaşlyk oýunlary Täjigistanyň 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň final tapgyryna taýýarlygynyň bir bölegidir. Ýaryş 2027-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan 5-nji fewraly aralygynda Saud Arabystanynda geçiriler.

Täjigistan ýaryşda D toparçada çykyş eder. Bu toparçada Awstraliýanyň, Yragyň we Singapuryň milli ýygyndylary hem bar.