Beýik şahyryň doglan güni bolan 6-njy iýunda her ýyl bellenilýän Halkara rus diliniň gününde Aşgabatda Aleksandr Puşkiniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
Çärä Russiýanyň, Belarusyň, Eýranyň, Hytaýyň we Täjigistanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylary we türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Gül goýmak dabarasynyň öňüsyrasynda mekdep okuwçylary şahyryň goşgularyny okadylar we edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler.
«Aleksandr Sergeýewiç Puşkin rus edebiýatyny örän ýokary derejä galdyrdy, rus diliniň baýlygyny dünýä görkezdi, durmuşymyzyň dürli temalaryny we iň inçe taraplaryny goşgy setirleriniň üsti bilen açyp görkezmegi başardy» diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçi-wekili Aleksandr Wasilýew çäräniň dowamynda eden çykyşynda belledi.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde Puşkiniň Eýranda hem tanalýandygyny we oňa uly hormat goýulýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, Eýranda Aleksandr Puşkin rus poeziýasynyň atasy hasaplanýar we şahyryň köp sanly eserleri pars diline terjime edildi. Diplomat Puşkiniň döredijiligi bilen diňe bir edebiýatçylaryň däl, eýsem, mekdep okuwçylarynyň hem tanyşdygyny, olaryň käbiriniň eýýäm şahyryň goşgularyny terjime etmekde öz güýçlerini synap görýändiklerini sözüniň üstüne goşdy. Şeýle hem eýran uniwersitetleriniň talyplary Puşkiniň poeziýasynyň terjimesi bilen meşgullanýarlar.
Abbasi Puşkin bilen pars edebiýatynyň beýik şahyrlary — Hafyz, Saady, Firdöwsi ýaly şahsyýetleriň arasyndaky meňzeşlik barada aýdyp, her bir medeniýetde şeýle uly derejeli şahsyýetiň bardygyny nygtady. Diplomatyň nygtaýşy ýaly, şahyr we ýazyjy öz eserleri arkaly halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrýar, öz halkynyň milli gözelligini görkezýär. Ol şeýle hem türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyraga bolan çuňňur hormatyny beýan edip, eýranlylaryň onuň eserlerini dürli çärelerde höwes bilen okaýandyklaryny nygtady.