Turkmenportal logo
Şu gün 11:52
14641464
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşkentde C5+1 formatynda medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

5-nji iýunda Daşkent şäherinde «JW Marriott» myhmanhanasynda C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherinde geçirilen C5+1 sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň logiki dowamy bolup, şol sammitiň jemleri boýunça medeni mirasy gorap saklamak babatda Bilelikdäki Beýannama kabul edilipdi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni mirasy goramak, ylmy taýdan öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meselelerine garadylar. Hususan-da, muzeýleriň, ylmy-barlag merkezleriniň we degişli ugurdaş edaralaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem medeniýet ulgamynda işleýän hünärmenleriň hünär alyş-çalyşlaryny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň gün tertibinde medeniýet ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen bagly meseleler hem möhüm orun eýeledi. Şol sanda taryhy-medeni ýadygärlikleriň sanlylaşdyrylmagy, olaryň ylmy taýdan öwrenilmeginde, resminamalaşdyrylmagynda, gorap saklanylmagynda hem-de geljek nesiller üçin elýeterli edilmeginde innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy barada pikir alşyldy.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew medeni hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara ynamy berkitmekde, netijeli dialogy ösdürmekde hem-de halklaryň arasynda medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şeýle hem medeni miras desgalaryny dikeltmek, öwrenmek we gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň tejribesine ünsi çekdi. Şeýle hem medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň ilçisiniň Gaznasy  tarapyndan goldanylýan bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtady.

Duşuşyga gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky medeni dialogyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi has-da çuňlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.