Turkmenportal logo
Şu gün 11:37
16821682
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowa ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

TDH-de habar berlişi ýaly, wise-premýer mejlisiň dowamynda gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 130,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 126,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasyna 130,1 göterim amal edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurduň sarp edijilerini, ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutany wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.