Ätiýaçlyk gorlaryň azalmagy we adatdan daşary yssy tomsuň gelmegi dünýäde ýangyç gytlygynyň täze tolkunyny döredip biler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady geňeşiniň durnukly energetika, ýer gorlary we ýaşaýyş hojalygy boýunça bölüminiň başlygy Dario Liguti duýdurdy diýip, BMG-niň Habarlar merkeziniň saýtyna salgylanýan «Belta.by» habar berýär.
Ligutiniň sözlerine görä, dünýäniň häzirlikçe ählumumy ýangyç gytlygyndan halas bolmagy başarandygyna garamazdan, golaýlap gelýän El-Nino klimatik hadysasy tarapyndan döreýän jokramak yssy sebäpli, heniz begenerden ir. Adatdan daşary yssy tomus howany serginletmek üçin ulanylýan energiýa çykdajylaryny artdyrýar, şeýle-de howdanlaryň guramagyna getirýär. Suw öz nobatynda elektrik beketleriniň, gämiçiligiň we beýleki pudaklaryň işi üçin möhümdir. Hünärmeniň pikirine görä, Ormuz bogazyndaky ýagdaý kadalaşdyrylanda hem, ýene birnäçe aý nyrhlar ýokary bolmagynda galar, aýratyn hem ýerli bazarlarda üpjünçilik bilen bagly bökdençlikler dowam eder. Eger gapma-garşylyk uzaga çekse, dünýäde energiýanyň nyrhlarynyň ýene gymmatlamagyna we has giň göwrümli çig mal ýetmezçiligine taýýar bolmak gerek.
«Şonuň üçin biziň mundan bir aý öň aýdanymyz ýene güýjünde galýar: energiýany tygşytlaň, az sarp ediň hem-de ätiýaçlyk gorlaryny ediniň» diýip, Liguti sözüni jemledi.