Häzirki wagtda Balkan, Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýewiň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurduň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada 5-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisindäki hasabatynda bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, wise-premýer hasabatynda oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,7 göterime deň bolandygyny aýtdy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 105,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,3 göterime, «Türkmenpagta» döwlet konserni boýunça 102,5 göterime, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi boýunça 120,1 göterime, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 120 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 107,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 145,2 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ak pata bermegi hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere edýän hemaýat-goldawy esasynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişildi. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň pudagyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegi, galla oragy döwründe bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.