5-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününe bagyşlanan «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologik maslahat tamamlanyldy. Bu çäre ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli komissiýasynyň Sekretariaty tarapyndan «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guraldy.
Maslahaty çäklerinde ekologik bilim we tebigaty goramak ulgamyndaky gazanylan üstünlikler hem-de taslamalar görkezilen «Eko-ädimler: geçmişden geljege» atly tematik sergi geçirildi. Sergide ÝUNESKO klublary, assosirlenen mekdepler, döredijilik toparlary we hususy pudagyň wekilleri öz işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Munuň bilen ugurdaşlykda, degişli ministrlikleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de halkara düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda şol bir atly maslahat geçirildi.
Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw diplomatiýasy, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, şeýle hem ekologik howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ekologik maslahat sylaglama dabarasy bilen tamamlandy. Guramaçylar çäräniň iň işjeň gatnaşyjylaryna hormat hatlaryny we ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.