Turkmenportal logo
Şu gün 11:04
14961496
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukman iki smartfon ulanmagyň zyýanyny düşündirdi
Surat: gazeta.ru

Birbada iki eltelefon ulanmak saglyga ýaramaz täsir edip hem-de süňkleriň we goşaryň keselleriniň döremegine getirip biler. Bu barada Uaýt-Pleýnsdäki Ýöriteleşen hirurgiýa bejergisi hassahanasynyň süňk bejergisi boýunça hünärmeni Nik Maroldi «The New York Times» (NYT) neşiri bilen birnäçe ykjam telefon peýdalanmagyň meşhurlygynyň artmagy barada söhbetdeşlikde aýtdy.

Lukmanyň sözlerine görä, iki smartonyň ulanylmagy nädogry ergonomikanyň döremegine eltýär we gajetleri adatdan köp ulanmak endigini berkidýär. Netijede, ellere we bogunlara agram düşüp, tenditiň, Nottuň keseliniň hem-de goşar kanalynyň sindromynyň ösmegine getirmegi daşda däl.

Birbada iki smartfon ulanmak barha ýörgünli bolup barýar. «Vorhaus Advisors» kompaniýasynyň barlaglaryna salgylanýan «The New York Times» gazetiniň ýazmagyna görä, iki smartfon göterýän amerikalylaryň sany 2024-nji ýylda 15 göterim bolanlygyndan 2025-nji ýylda 18 göterime çenli artypdyr. Bilermenler muny adamlaryň iş we şahsy durmuşyny aýrylamak islegi bilen baglaýarlar. «Electronic Frontier Foundation» gaznasynyň kiberhowpsuzlyk boýunça direktory Ýewa Galperiniň sözlerine görä, aýratyn enjamlar işgärlere iş bilen dynç alşyň arasynda sazlaşyklylygy saklamaga, iş berijilere bolsa, içki maglumatlary has gowy goramaga hem-de işgärleriň şahsy habarlaryna goşulyşmazlyga mümkinçilik berýär.