Turkmenportal logo
Şu gün 10:54
25182518
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtyndaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, festiwalyň deslapky tapgyrlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde guraldy. Döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra bolsa öňki tapgyrlarda tapawutly çykyş edip, saýlanmagy başaran talyp toparlary gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda festiwalyň jemleýji tapgyryna gatnaşýan talyp toparlaryna hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnaly bilen döredijilik aragatnaşygynda aýratyn işjeňlik görkezen ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylaryna guramaçylar tarapyndan Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Festiwalyň dowamynda ýylyň şygary bilen bagly edebi-çeper kompozisiýalar, milli we nusgawy sazlar, aýdyşyklar, halk aýdymlary hem-de halk döredijiliginiň eserlerinden parçalar ýerine ýetirildi.

Çeper okaýyşlara, taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň keşbini janlandyrýan teatrlaşdyrylan sahna oýunlaryna we tansly çykyşlara hem dabarada aýratyn orun berildi.