Kembrij uniwersitetinde koronawiruslaryň giň görnüşlerine, şol sanda COVID-19 garşy sanjym synag edilip başlandy. Onuň esasy düzüm bölegini emeli aň işläp düzdi diýip, «kz.kursiv.media» internet neşiri habar berdi.
Ilkinji sanjymy meýletinçileriň 39-sy aldy, ýaramaz, şeýle-de oňyn netijeler barada habar berilmeýär. Sanjymyň immunitet üçin täsiri-de, synçylaryň pikirine görä, az boldy. Synaglaryň maksady sanjymyň adam saglygy üçin zyýansyzdygyny tassyklamakdan ybarat boldy diýlip, habarda bellenýär.
Alymlar sanjymy döretmäge çemeleşmäni üýtgetmek kararyna geldiler: ony adatça eýýäm bar bolan wirusa garşy ulanýarlar, emma mesele: wirusyň görnüşleriniň hemişe üýtgäp durýandygydadyr. Şonuň üçin olar bedeni koronawirusyň ähli ştammlaryna garşy täsirli göreşmäge uýgunlaşdyrmak kararyna geldiler.
«Gürrüň bizi diňe şu günki ýokançlardan goraýan däl-de, geljekde möwjemeleri ýa-da keselleri döredip biljek wiruslardan goramak barada barýar» diýip, Kembrij uniwersitetiniň professory Jonatan Hini düşündirýär. Sanjym zyýansyz diýlip ykrar edilen bolmaly, sebäbi alymlar topary 200 meýletinçide täze synaga taýýarlanýarlar. Ol indi sanjymyň täsirliligine jogap bermeli diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.