Turkmenportal logo
Şu gün 10:38
23982398
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zyýat Hil täze bişirilen süýjülikleriň we gündogar tagamlarynyň ajaýyp lezzetinden dadyp görmäge çagyrýar

Zyýat Hil konditer dükanlar ulgamy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny täze bişirilen önümleriň hem-de nepis gündogar süýjülikleriniň giň görnüşi bilen begendirmegini dowam etdirýär. Bu brend köp ýyllaryň dowamynda ýokary hilli önümleri, tebigy çig mallary ulanmagy we her bir müşderä aýratyn üns bermegi bilen alyjylaryň ynamyny gazandy.

Myhmanlaryň arasynda aýratyn meşhurlyga eýe bolan önümleriň hatarynda näzik goşundyly özboluşly bulkalary we däp bolan usul boýunça taýýarlanýan pisse goşulan hoşboý ysly türk pahlawasy bar. Her bir önüm diňe üns bilen saýlanyp alnan ýokary hilli serişdelerden taýýarlanylýar. Bu bolsa olaryň baý tagamyny we kämil hilini üpjün edýär.

Zyýat Hiliň önümleri maşgalanyň arasynda geçirilýän ýakymly çaý agşamlary üçin hem, baýramçylyk saçaklary üçin hem örän laýykdyr. Süýjülik söýüjiler dürli görnüşli tortlary hem saýlap bilerler. Teklip edilýän tortlaryň arasynda nusgawy görnüşler bilen birlikde, islendik dabaranyň bezegine öwrülip biljek özboluşly awtorlyk tortlary hem bar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, Zyýat Hiliň her bir torty iň ownuk jikme-jikliklere çenli üns berlip taýýarlanylýar. Olar owadan bezegi hem-de ýatdan çykmajak tagamy özünde jemläp, müşderilere şatlyk we ýakymly duýgulary peşgeş berýär.

Müşderiler üçin amatly  bolar ýaly sargytlar her gün sagat 08:00-dan 22:45-e çenli dynç günsüz kabul edilýär. Sargydyň bahasy 150 manatdan ýokary bolan ýagdaýynda Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çägi boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Zyýat Hil däp bolan taýýarlanyş usullaryny döwrebap tehnologiýalar we ýokary hyzmat derejesi bilen sazlaşykly utgaşdyryp, önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeldýär.

Zyýat Hiliň firma dükanlarynyň salgylary:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254.
Telefonlar:
(+993 12) 35 37 13
(+993 62) 02 13 61

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi.
Telefonlar:
(+993 12) 29 35 03
(+993 62) 02 13 62

Gurtly-3 ýaşaýyş toplumy, 1-nji gat.
Telefonlar:
(+993 12) 97 95 06
(+993 62) 02 13 63

Zyýat Hiliň täze önümleri, onuň ýörite teklipleri we süýji ylhamlary bilen tanyşmak üçin kompaniýanyň sosial ulgamlar boýunça resmi sahypalaryna ýazylyp bilersiňiz.