Turkmenportal logo
Şu gün 10:18
17491749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda ýerli ýolbaşçy obany süýşgünden halas etdi, oňa «Palçykly Budda» diýýärler
Surat: mir24.tv

Hytaýda ýerli ýolbaşçy obanyň ýaşaýjylaryny golaýlap gelýän güýçli süýşgünden halas etdi, oňa «Palçykly Budda» diýen lakam dakdylar.

Waka 17-nji maýda ýurduň Ýunnan ülkesindäki Guýpişan obasynda boldy. Güýçli ýel we çabga wagty oba emeldary Týan Žu Lýan süýşgüniň geljekdigini duýdy we oba gözegçilik etmäge ugrady. Gije sagat 3-lerde golaýdaky hapa suwdan dolan derýa döwlen agaç şahalaryny düýrläp akmaga başlady. Erkek kişi suwuň güwwüldisini eşitdi we betbatgçylygyň golaýlap gelýändigi barada netijä geldi. Lýan dessine goňşularyny örüzdi we olara howply zolakdan gaçmaga kömek etdi. Emma özi derýanyň äkelýän hapa suwunyň öňünde galdy, ony tizara laýly suw basdy. Halas bolmak üçin Lýan töňňeden ýapyşdy. Halas bolansoňam, tutuş üstbaşy palçyga bulaşan emeldar obalylary halas etmäge gözegçilik edýärdi. Ony hut buýr-bulaşyk görnüşde-de surata düşürip, internetde çap edipdirler. Dessine Lýana «Palçykly Budda» diýip lakam berdiler.

Obadaşlarynyň iň soňkusy halas edilenden soňra obany güýçli süýşgün basdy, köçeler läbikden we dag daşlaryndan doldy.

Halas bolan ýaşaýjylaryň biri eger Lýan bolmasady, köp adam pida bolardy diýdi. Bu barada «Daily Star» neşirine salgylanýan «MIR 24» gürrüň berýär.