Disney we 20th Century Animation «Buz döwri. Gaýnama nokady» atly multfilmiň ilkinji tizerini köpçülige ýetirdi. Bu taslama soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda meşhur franşizanyň ilkinji doly göwrümli multfilmi bolar.
Sýužet boýunça baş gahrymanlar Ýitirilen dünýäniň heniz öwrenilmedik künjeklerine syýahat etmeli bolýarlar. Ol ýerde olara hereket edýän wulkan, gyzgyn lawa akymlary hem-de taryhdan öňki döwürlere degişli täze jandarlar garaşýar.
Multfilmi seslendirmek işine ýene-de franşizanyň esasy aktýorlary gatnaşýarlar: Reý Romano (Menni), Leguizamo (Sid), Denis Liri (Diýego), Kuin Latifa (Elli) we Saýmon Pegg (Bak).
Bu film 2021-nji ýylda Blue Sky Studios studiýasy ýapylandan soň, «Buz döwri» tapgyrynyň ilkinji doly göwrümli animasion filmi bolar. Filmiň önümçiligi Disney kompaniýasynyň howandarlygynda 20th Century Animation tarapyndan alnyp barylýar.
Filmiň dünýä boýunça ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirilýär.