Turkmenportal logo
Şu gün 09:44
20682068
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanda Beýik çöl siwilizasiýasyna bagyşlanan ýadygärlik bina ediler
Surat: mir24.tv

Gazagystanda Beýik sähra medeniýetiniň mirasynyň hormatyna ýadygärlikler toplumy bina ediler. Bu barada ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 4-nji iýunda bellenýän Gazagystanyň döwlet nyşanlarynyň gününe bagyşlanan dabarada eden çykyşynda habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew: «Altyn Orda döwlet dolandyryş ulgamy, diplomatiýasy, gümrükhanasy, dünýä puly we öňdebaryjy tehnologiýalary bolan beýik ortaasyr döwletidir. Ýurdumyzdaky häzirki zaman Prezident dolandyryşy şol syýasy ulgama belli bir derejede dahyllydyr. Çünki eždatlarymyzyň mirasy biziň üçin nusgalyk mekdepdir, biz ýurtlaryň oňşuklylykda ýaşaýan we öz halklary üçin abadançylygy döredýän bitewi hem-de gülläp ösýän Ýewraziýa üçin çykyş edýäris » diýdi.

Öň gazak lideri öz ýurduny Altyn Ordanyň gönüden-göni mirasdüşeri diýip atlandyrypdy. Astanada geçen halkara simpoziumda ol bu ortaasyr şadöwletiniň häzirki Ýewraziýa döwletleriniň kemala gelmegine güýçli täsir edendigini nygtady.  Tokaýewiň sözlerine görä, bu döwletiň mirasynyň yzlaryny ähli ugurlarda, şol sanda dilde hem görmek mümkin. Mysal üçin, gazak pulunyň «tenge» diýlip atlandyrylmagy Ordanyň «danga» sözünden gözbaş alýar, «деньги» diýen rus sözi-de şondan gelip çykan bolsa gerek.

Respublikada neşire taýýarlanýan Gazagystanyň akademiki taryhynda Altyn Orda aýratyn jilt bagyşlanar.