Turkmenportal logo
Şu gün 09:40
19521952
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Her ýyl geçirilýän maslahat ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Utgaşykly görnüşde guralan maslahata Türkmenistanyň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda sergide Türkmenistanyň tebigaty goramak ulgamyndaky üstünlikleri görkezildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy.