Turkmenportal logo
Şu gün 09:09
21522152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BRIKS ýurtlary ählumumy ösüşiň 50 göterimini düzýär
Surat: belta.by

BRIKS guramasyna agza ýurtlar ählumumy ösüşiň 50 göterimini, G7 ýurtlary bolsa, 20 göterimden az bölegini düzýär. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Maksim Oreşkin Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde habar berdi diýip, TASS ýazýar.

XXIX Peterburg halkara ykdysady forumy (PHYF) 3-nji iýunda başlanyp, şu gün öz işini tamamlaýar. Çäre 130 ýurtdan 20 müňden gowrak wekili bir ýere jemledi. Forumyň maksatnamasy 300-den gowrak işewürlik çäresini öz içine aldy.