«Türkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen moda görkezilişinde binagärlik trikotažy boýunça russiýaly dizaýneri we «SO_love» haryt nyşanyny esaslandyryjy Olga Kadeýkina özüniň «Russiýadan söýgi bilen» diýlip atlandyrylan ýygyndynyň görnüşini görkezdi. Bu barada «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron neşirinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Russiýa dokma we ýeňil senagat telekeçileriniň bileleşiginiň ýüňi gaýtadan işleýän senagat meseleleri boýunça ugurdaş komitetiniň agzasy hökmünde Olga Kadeýkina bu ugruň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär, şonuň üçin hem onuň şahsy haryt nyşany örülen önümleri öndürmäge ýöriteleşendir we diňe Russiýanyň çig mallary esasynda işleýär.

Görkeziş on sany gyşky lybasy öz içine aldy. Ýygyndynyň esasyny XIX asyryň başyndaky harby lybaslary ýatladýan žaketler emele getirdi. Beýle konsepsiýanyň saýlap alynmagy tötänleýin däldir. Bu ýygyndy rus taryhynda ilkinji zenan serkerdesi, rowaýaty atly goşunyň zenan esgeri we 1812-nji ýylyň Watançylyk urşunyň gahrymany, terjimehaly Aleksandr Puşkini hem haýran galdyran Nadežda Durowa bagyşlanypdyr.

Russiýanyň haryt nyşanynyň Aşgabat sergisine gatnaşmagy, şu ýylyň maý aýynda Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumynda badalga berlen şowly halkara hyzmatdaşlygyň netijesidir.

— Men Kazandaky forumyň çäginde geçirilen sergide Türkmenistanyň diwarlygy bilen gyzyklandym. Şonda kärdeşlerim maňa ýerli ýüplükleri – düýe ýüňüni we geçi çöpürini sowgat berdiler... Men Türkmenistanyň halk çeperçilik senetleri bilen tanyş, eger-de maňa biraz köpräk wagt berlen bolsa, uly höwes bilen ýerli ýüplüklerden Türkmenistana bagyşlanan aýratyn ýygyndyny dörederdim diýip aýdyp bilerin. Eger meni geljek ýyl hem çagyrsalar, men bu pikiri hökman durmuşa geçirerin – diýip, Olga Kadeýkina gürrüň berdi.
