Turkmenportal logo
Şu gün 00:09
14911491
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim ýerine ýetirildi

2026-njy ýylyň ýanwar – maý aýlarynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada 5-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 124,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,6 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň, önümçilikleri doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere geologiýa-gözleg we buraw işlerini netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.