Turkmenportal logo
Düýn 23:40
45914591
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de Azerbaýjanyň wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, öz ýurdunda doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanyna, türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belläp, Türkmenistanda saparda bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň saparynyň dowamynda geçiriljek çäreleriň ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gün tertibinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bilelikdäki medeni çäreleriň ähmiýetini bellediler. Bu çäreleriň medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlarynda tejribe alyşmaga ýardam berýär. Şeýle hem duşuşykda Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän sergileriň, konsertleriň, şahyrlaryň we akyldarlaryň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlaryň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.