Turkmenportal logo
Düýn 23:13
36513651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçihanalary Bakuwda, Daşkentde, Duşenbede we Wenada welosipedli ýörişleri guradylar

Türkmenistany diplomatik wekilhanalary tarapyndan 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Bakuwda, Daşkentde, Duşenbede we Wenada köpçülikleýin welosipedli ýöriş çäreleri guraldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi .

Hususan-da, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Baku şäherindäki «Primorskiý bulwar» seýilgähinde welosipedli ýöriş geçirdi. Çärä ilçihananyň wekilleri, Azerbaýjandaky türkmen diasporasynyň agzalary, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary we ýaşlar gatnaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş gurady. Sport çäresi Daşkent şäherinde geçirildi. Welosipedli ýörişe ilçihananyň işgärleri we Özbegistanda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Duşanbe şäherinde hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa ilçihananyň işgärleri, Täjigistanda okaýan türkmen talyplary we Duşenbe şäheriniň welosiped jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da, Wena şäherinde ekologiýa taýdan arassa ulag, sagdyn durmuş we durnukly ösüşi wagyz etmek maksady bilen, welosipedli ýöriş geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynyň, Bolgariýa Respublikasynyň we Kolumbiýa Respublikasynyň ilçihanalary bilen bilelikde hem-de Radlobby welosiped assosiasiýasy we Wien Mobilität guramasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Çärä 100-den gowrak adam, şol sanda diplomatik korpusynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Wenada işleýän halkara guramalaryň wekilleri, türkmen raýatlary, şäheriň ýaşaýjylary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.