Turkmenportal logo
Düýn 22:20
59405940
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Şu ýylyň 5 aýynyň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime we hyzmatlar ulgamynda 10,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenilen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.