Turkmenportal logo
Düýn 21:01
42064206
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkmentextile Expo – 2026» sergisiniň moda podiumynda Romuald Bertranyň lybaslarynyň ilkinji görkezilişi boldy

«Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen moda görkezilişlerinde Fransiýanyň ýaş kutýurýesi, L'Engrenage brendiniň esaslandyryjysy Romuald Bertran öz moda toplumyny ilkinji gezek türkmen topragynda tanyşdyrdy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, onuň on görnüşden ybarat toplumy bu çärä ýörite laýyklaşdyrylyp taýýarlanypdyr. Tanyşdyrylan egin-başlar has salyhatly görnüşe getirilse-de, olaryň nepisligi we özboluşlylygy doly saklanyp galypdyr.

Bertranyň nygtamagyna görä, Aşgabatdaky görkeziliş üçin egin-eşikleri uýgunlaşdyrmak oňa öz döredijiligine täzeçe nazar bilen garamaga mümkinçilik beripdir. Käbir modeller şeýle bir üstünlikli üýtgedilipdir welin, olar brendiň esasy bukjasy üçin hem hut şol görnüşde saklanyp galar.

Onuň lybaslar toplumynyň görkezilişi iki bölümden — «Gara bägül» we «Ýyldyzlar toplumy» diýen böleklerden ybarat boldy.

Birinji bölüm çuň gara reňk bilen asylly goňras öwüşginleriniň inçe sazlaşygyna esaslandy. Ikinji bölümde bolsa Älemiň syrly dünýäsi, ýyldyzlar we gijeki asmanyň ýagty tarapy ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Dizaýner tarapyndan bu görkeziliş üçin ýörite taýýarlanan özboluşly başgaplar toplumynyň mazmunyny üstünlikli doldurdy.

Aşgabada eden saparynyň jemini jemläp, Romuald Bertran şeýle medeni alyş-çalyşyň ähmiýetini aýratyn nygtady we Fransiýa dolanyp barandan soň türkmen milli estetikasyndaky özboluşly aýratynlyklary geljekki lybas toplumlaryna hökman goşjakdygyna ynam bildirdi.

Mundan başga-da, fransuz dizaýneri türkmen milli lybaslarynyň daşyndan sada we salyhatly görünýändigine garamazdan, olaryň aňyrsynda örän ýokary çeperçilik nepisliginiň we amaly ussatlygyň ýatandygyny belledi.