Turkmenportal logo
Düýn 17:49
66636663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine girer
Surat: tass.ru

2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine hemişelik däl agza ýurtlar hökmünde Awstriýa, Zimbabwe, Portugaliýa, Trinidad we Tobago girer. Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy diýip, TASS habar berdi.Baş Assambleýada geçen ses berlişikde Gyrgyzystan bu orun üçin Filippinler bilen ýaryşdy, ses berlişigiň dört tapgyryndan soňra Respublika Baş Assambleýanyň agzalarynyň zerur bolan üçden iki sesini aldy, ýagny 142 ýurt goldap ses berdi.

Täze saýlanan ýurtlar bu edarada ygtyýarlylyk möhleti 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda dolýan Gresiýany, Daniýany, Pakistany, Panamany we Somalini çalşar.